Ýakynda ýurdumyzyň iň döwrebap hassahanalarynda — Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda hem-de Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan ýene 10 çaga operasiýa edildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirildi. Häzir näsag çagalaryň ählisi-de iň gowy lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýar.

Häzirki döwürde lukmançylyk edaralary tarapyndan doga näsag çagalaryň ýüregini we ýürek damarlaryny operasiýa etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olary hem Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Milli we daşary ýurt walýutasynda açylan bank hasaplaryna kömege mätäç adamlara goldaw bermäge gyzyklanma bildirýän adamlardan gelip gowuşýan serişdeleriň möçberleri artýar. Bu bolsa pederlerimiziň kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň netijeli dowam etdirilmegine mümkinçilik berýär.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri ýurdumyzyň degişli lukmançylyk edaralarynda bejergi almaga mätäç çagalar, zerur bolanda, olary daşary ýurtlara ugratmak üçin ulanylýar.

Ýurdumyzyň raýatlary, dürli edara-kärhanalar we şereketler gazna öz serişdelerinden yzygiderli geçirip durýarlar. Şeýlelikde, keselli çagalaryň birnäçe çylşyrymly operasiýalary maliýeleşdirildi.