3-nji aprelde Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind “Bagtyýarlyk” sport toplumyna geldi we Hindistanyň görnükli şahsyýetleriniň biri Mahatma Gandiniň hormatyna dikilen ýadygärlige gül goýdy.
Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň Garaşsyzlygy ugrunda göreşiji, akyldar, parahatçylygy wagyz ediji şahsyýetiň ýadygärligi 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana resmi sapary mahalynda açyldy. Aşgabatda hindi halkynyň dünýä belli ruhy lideri Mahatma Gandiniň ýadygärliginiň açylmagy Türkmenistanyň we Hindistanyň dünýäde parahatçylyk hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hindistanyň Prezidenti şu ýerdäki seýilbagda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Soňra Hindistanyň Baştutany “Bagtyýarlyk” sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine bardy. Şol ýerde myhmanlara bu gadymy ylmyň käbir usullary we maşklary görkezildi.
Ýoga hindi medeniýetiniň gadymy ruhy tejribesidir. Ýoga bilen yzygiderli meşgullanmak dürli kesellerden saplanmaga kömek edýär hem-de adamyň saglygyny berkidýär.
Türkmenistan Hindistanyň Bütindünýä ýoga gününi yglan etmek başlangyjyny goldady. Ol 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär.
Prezident Ram Nath Kowind Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine uly üns berilýändigini belläp, türkmen hem-de hindi halklarynyň ruhy gatnaşyklarynyň saklanylmagyna we ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.