Ispaniýanyň hökümet başlygy Pedro Sançes ýurduň ykdysadyýetiniň syýahatçylyk pudagyna garaşlylygyny azaltmak maksady bilen awtoulag senagatyny ösdürmek isleýändiklerini aýtdy. Bu maksat bilen awtoulaglar üçin çip önümçiligi ýola goýlar. Häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetiniň 10 göterimini awtoulag senagaty emele getirýär. Çip önümçiligi üçin 11 milliard ýewro özleşdiriler.
Soňky ýyllarda pandemiýa sebäpli elektron enjamlara islegiň ýokarlanmagy dünýäde çip ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Şeýle bolansoň, tehnologiýa önümleri üçin zerur bolan ýarymgeçirjiler goşmaça girdejisi ýokary haryda öwrüldi. Bu bolsa, kompaniýalaryň we ýurtlaryň çip önümçiligine degişli taslamalary durmuşa geçirmeklerine itergi berdi. Ispaniýa Ýewropada awtoulag senagatynda ikinji ýerde durýar. Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli dünýädäki çip önümçiliginiň 20 göterimini öndürmegi maksat edinýär.
Sülgün Mämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby