NASA-nyň alymlary Gün ulgamynda iň sowuk ýeriň Aýda ýerleşýändigini öňe sürýän barlaglaryny hödürlediler. Olar Ýeriň hemrasyndaky Gün tarapyndan hiç hili ýagtylyk düşmeýän çuňňur kraterlerdir. Barlag geçirijiler Aýyň kraterleriniň käbirinde «goşa kölegäniň» bardygyny aýdýarlar. Bu Gün şöhleleriniň hiç haçan ol ýere düşmeýändigini, şonuň üçin munuň Gün ulgamynda iň sowuk ýer bolup biljekdigini aňladýandygyny belleýärler.
Aýyň bary-ýogy 1,5 gradus gyşarmasy hem onda göni Gün şöhlesi düşmeýän ýüzlerçe krateriň bardygyny aňladýar. Aýyň polýuslarynyň golaýynda ýerleşen bu kraterleriň içinde temperatura – 170 gradusdan hem aşak düşüp bilýär, bu bolsa olary suw buzunyň ýygnanmagy üçin iň amatly ýere öwürýär. Barlag geçirijiler iň sowuk ýeriň Aýda ýerleşýändiginiň geň bolmagynyň mümkindigini, ýöne meseläniň ýyldyzlardan uzaklykda däl-de, Aýyň polýuslarynda hiç wagt gyzmaýan ýerleriň bolmagyndadygyny belleýärler.
«Olar ýylylygy diňe aşaky gatlaklardan alýarlar, ýöne bu olaryň emele gelmeginden ýa-da içerki radioaktiw bölünmeden soň galan içki ýylylygy aňladýar. Ýöne ýerli jynslar sowuklygyna galýar, sebäbi olar hem hiç hili ýylylyk almazdan, giňişlige – 263 gradusa çenli temperaturany erkin goýberýärler» diýlip, beýanatda bellenilýär.
Bu kraterlerdäki aşa pes temperaturalar suwuň gaýnama temperaturasyndan ýokary bolan Aý ekwatoryndaky temperaturalara garşydyr. Şol bir wagtyň özünde, Aý üstüniň temperaturasy ýylyň wagtyna görä üýtgeýär.