Hemişelik Bitarap döwletimiz halkara bileleşigiň deňhukukly agzasy hökmünde tebigy gurşawy goramak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň gazananlaryna uly sarpa goýýar we ekologiýa ulgamynda abraýly halkara guramalar hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär. Netijede, Türkmenistanyň bütin adamzady gyzyklandyrýan ekologiýa meselesinde dünýä ýurtlarynyň özara tagallalaryny birleşdirmek ugrunda beýan edýän anyk teklipleri halkara resminamalarda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz tebigatyň goraglylygyna gönükdirilen we onuň baýlyklarynyň ählumumy bähbitler üçin ulanylmagyna bagyşlanan sebitara we halkara duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär.
Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar.
Ynsan saglygyny goramakda we daşky gurşawa aýawly çemeleşmekde uly ähmiýete eýe bolan miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda netijeli işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilýär.
Ynsanlaryň sagdynlygy we ruhubelentligi şu günüň hem-de geljegiň arassa howa şertlerine, daşky gurşawyň durnukly ýagdaýynyň saklanmagyna, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna hem-de ekologiýa ulgamlarynyň indiki nesillere has gözel görnüşde ýetirilmegine aýratyn talaplary bildirýär. Şu nukdaýnazardan, adamzadyň röwşen geljeginiň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin uzakmöhletleýin halkara we milli ekologiýa çäreleri meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulýan ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara ýörelgeler we milli gymmatlyklar esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen ekologiýa çäresi göz öňünde tutuldy. Paýtagtymyzda ýola goýlan bu başlangyç awtomobillerden daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmakdan we ekologiýa ulagy hökmünde welosipedi şäher ulag hereketine goşmakdan ybaratdyr. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa bu jemgyýetçilik ulagynyň – welosipediň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzda awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi-de daşky gurşawy goramakdan, ekologiýany arassa saklamakdan, raýatlarymyz üçin sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekden, şeýle-de welosiped ýörişleriniň yzygiderli ýola goýulmagyndan ybaratdyr.
Häzirki döwürde döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň başyny başlan «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşi, «Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, ýurdumyzyň we sebitiň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary ekmek, öňden bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi.
Hudaýnazar HAÝYTMURADOW,
Döwletli etrabynyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.