Bilermenler aýdym-sazyň adamyň ruhy ýagdaýyny gowulandyrýandygyny, şeýle hem içki duýgusyna täsir edip, öwrenmek ukybyny ösdürýändigini belleýärler. Saz irki döwürlerden bäri bejergide hem peýdalanylypdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, halaýan aýdymyňyzy diňlän wagtyňyzda aladalaryňyzdan daşlaşýan bolsaňyz, bu aýdym-sazyň beýnä gönüden-göni täsir edýändiginiň aýdyň mysalydyr. Aýdym adamyň şatlyk gormonlaryny işjeňleşdirýär. Alymlar aýdymyň beýniniň ýatkeşlik bilen bagly böleklerini we nerw ulgamyny işjeňleşdirýändigini hem belleýärler. Aýdym diňlenende adamyň beden agzalary sazyň heňine görä biygtyýar hereket edýär. Ýagny adam bedeni diňlenýän aýdym bilen sazlaşykly hereket edýär. Beýniniň dürli bölekleriniň işjeňleşmegi ony güýçlendirýär. Bu bolsa, adamyň ukyplaryny artdyrýar. Alymlar gam-gussa basan wagty 20 minut aýdym diňlemegi maslahat berýärler.
1993-nji ýylda ABŞ-nyň Wiskonsin Oşkoş uniwersitetiniň mugallymy, doktor Franses Rauşer talyplaryň arasynda geçirilen barlaglarda nusgawy sazlaryň adam beýnisini kämilleşdirýändigini ýüze çykarypdyr. Mosartyň sazlaryny diňlän talyplaryň ýatkeşliginiň ýokarlanandygy anyklanypdyr. Şeýle hem geçirilen barlaglar ýaşlaryň saz guralyny çalyp öwrenmekleriniň döredijilik ukybyny artdyrýandygyny ýüze çykarypdyr.
Aýsoltan URAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.