“Fiat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýer Fransua “Panda” ulagynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşiniň satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Italýan kompaniýasy golaýda 2027-nji ýyldan başlap diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulag öndürjekdigini mälim edipdi. “Panda”-nyň elektroulag görnüşi geljek ýyl peýda bolar. Soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň sany barha artýar. “Mercedes”, BMW, “Toyota” we “Volkswagen” ýaly kompaniýalar bilen bir hatarda diňe elektroulag öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalar hem bar. “Fiat” kompaniýasy ýakyn geljekde 10 modeliniň elektroulag görnüşini satuwa çykarar. Oliwýer Fransua täze dört ulagyň dizaýnynyň taýýardygyny, olaryň ikisiniň 2019-njy ýylda Ženewada geçirilen sergiden tanyşdyrylan ulaga meňzeş boljakdygyny belledi. Geljek bäş ýylyň dowamynda her sebit üçin täze modeliň satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Oliwýer global derejede ýaýrajak ulagy döretjekdiklerini mälim etdi. Şeýle hem ýolbaşçy diňe uzynlygy 3,6 metr bilen 4,5 metr aralygynda üýtgeýän ulaglar öndürjekdiklerini habar berdi. Ol “Hemmeler üçin elektroulag” şygary bilen hereket edýändiklerini belledi.
Täze “Fiat 500” elektroulagy bir gezekki zarýady bilen 320 kilometre çenli ol geçip biler. Ulagyň kuwwaty 117 at güýjüne barabar bolar. Häzirki wagtda kiçi göwrümli bu şäher ulagy uly islegden peýdalanýar.
Muhammetsapa Muhammetmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby