Kagyzdan ýasalan ilkinji smartfonyň taslamasy Hytaýyň “Realme” kompaniýasy tarapyndan hödürlendi. Täze hödürlenen önümi “GT2 Pro” diýlip atlandyrylýar. Bu smartfonyň taslamasy belli ýaponiýaly dizaýner Naoto Fukasawa tarapyndan taýýarlandy. Smartfonyň arka tarapy kagyzyň özboluşly gurluşy boýunça döredilip, ol kagyz bilen birmeňzeş materiallardan ýasaldy, şeýle hem ol täzelenip bilýän biomaterial bolup durýar. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, smartfony ulanyjy onuň arka tarapyna galam bilen ýazyp, galamyň gapagynda ýerleşdirilen ýörite bozguç bilen ýazgyny öçürip biler.

Täze smartfonyň beýleki aýratynlyklary:

Prosessor – Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1;

Ekran – 6,7 dýuým AMOLED 1440×3216 (QHD+);

Içki ýady – 128/256 GB;

RAM – 8/12 GB LPDDR5;

Öňdäki kamera – 32 Megapiksel;

Esasy arka kamera – 50 Megapiksel;

Batareýa – 5000 mAh 65 W;

Amaly ulgamy – “Android 12”.

Serdar Alyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby