Ýewropa futbolynyň hojaýyny UEFA klublaryň maliýe durnuklylyk (financial fair-play) ýagdaýy bilen baglanyşykly täze düzgünleri habar berdi. Şoňa görä, klublaryň gazanýan girdejisinden artykmaçlykda harçlap bilýän pul mukdary öňümizdäki 3 ýyl üçin 30 million ýewrodan 60 million ýewro çykaryldy.
Klublaryň girdejileriniň 70 göterimi futbolçylaryň aýlyk haklaryna, transfer töleglerine hem-de menejerleriň haklary üçin tölener. Bu düzgün şu ýylyň tomsundan başlap güýje girer. Ýagny klublar tomusky transferleri täze görkezijiler boýunça amala aşyryp bilerler. UEFA-nyň Prezidenti Aleksander Çeferin täze düzgünler bilen baglanyşykly: “Futbol industriýasyndaky özgerişlikler, pandemiýanyň ykdysadyýete oňaýsyz täsiri biziň maliýe babatda dowamlylygymyza iterjek reformalar etmäge mejbury kylýar diýip, çykyş etdi.