Elektroulag batareýalary üçin NASA bilen hyzmatdaşlyk eder

115

“Nissan” kompaniýasy köp wagtdan bäri elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar öndürmek bilen meşgullanýar. Kompaniýa elektroulag tehnologiýasyny kämilleşdirmek üçin Amerikan Aerokosmos edarasy (NASA) bilen hyzmatdaşlyk eder. Koreý brendi “Nissan” litiý-ion batareýalaryň deregine ulanyljak gaty batareýalaryň öndürer. Bu batareýalaryň ululygy häzirkileriň ýary ýaly bolar. Olara zarýad bermek üçin bary-ýogy 15 minut ýeterlik bolar. Täze batareýanyň 2028-nji ýylda taýýar bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda giňden ulanylýan litiý-ion batareýalary öndürmek üçin gymmat bahaly hem-da gyt materiallardan peýdalanylýar.

“Nissan”-yň ýolbaşçylarynyň biri Kazuhiro Doi ABŞ-nyň Kaliforniýadaky San Diego uniwersitetiniň hem goldaw berjek taslamasynyň netijesinde ýüze çykjak harydyň NASA-da, “Nissana”-da gerekdigini belledi.

Nurana Täzebaýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby