Ýaponiýanyň motosikl öndürmek bilen meşgullanýan “Yamaha Motor” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän motorlary öndürmek isleýär. Kompaniýa, ilkinji nobatda, iki tigirli has kiçi ulaglary öndürer. “Yamaha”-nyň şäher içinde sürmäge niýetlenen NEO atly samokatlary arzan bahaly bolmagy bilen tapawutlanar. Bir gezekki zarýady bilen 68 kilometre çenli ýol geçip bilýän ulag şu ýyl satuwa çykarylar. Ulagy “B” kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy bilen hem ulanyp bolýar. Bu ulag sürlen wagtynda az çykdajyly bolýandygy üçin hem müşderileriň uly isleginden peýdalanar. Onuň batareýasyny aýryp, öý şertlerinde hem zarýad berip bolýar. Ýokary tizligi sagatda 35 kilometre ýetýän ulagyň doly zarýad almagy üçin 8 sagat gerek.
Golaýda kompaniýa elektrik energiýasy bilen işleýän “Switch ON” atly ulaglaryny tanyşdyrypdy. Bu ulagyň dünýäniň ähli bazarlaryna hödürlenmegine garaşylýar.
Ogulgül Ýolamanowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby