Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi netijesinde smartfon kameralary bilen düşürilýän suratlar adaty fotoenjamlaryňky bilen bäsdeşlik etjek derejä ýetdi. Ilkibaşda diňe uzak aralykdan gepleşmek üçin öndürilen telefonlar häzirki wagtda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Indi bolsa, telefon kameralary bilen üç ölçegli ýazga almak mümkin bolar. Stanford uniwersitetiniň hünärmenleri adaty sensorlaryň şöhläni üç ölçegli (3D) ýagdaýda “görmegini” üpjün edýän tehnologiýany işläp taýýarlaýarlar. Şeýlelikde bu tehnologiýa arkaly kameralar surata düşürilýän zat bilen aralygyndaky uzaklygy hasaplap, üç ölçegli şekili almaga mümkinçilik berer.

Zatlaryň arasyndaky uzaklygy ölçemek üçin häzirki wagtda ýörite “lidar” tehnologiýasy ulanylýar. Şöhläni anyklamaga we uzaklygy ölçemäge mümkinçilik berýän bu tehnologiýa häzirki wagtda gymmat bolmagynda galýar.

Häzirki wagtda “Apple”-iň “iPhone 13 Pro” we “iPhone 13 Pro Max”  modellerinde hem bu tehnologiýa bar. Stanford uniwersitetiniň hünärmenleriniň taýýarlan lidar çözgüdi bolsa, “Apple”-iňkiden arzan bolar. Hünärmenleri 3D tehnologiýasynyň sport, maşk we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ulanylmagyna garaşylýar.

Ogulnäzik Ataýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby