“Android” amaly ulgamynyň soňky nesillerinde, has takygy 13-nji neslinden başlap SIM-kartalaryň ulanyşdan aýrylmagy mümkin. Bu telefonlarda adaty SIM-kartyň ýerine “eSIM” bolar. Bu bolsa şol bir wagtyň özünde birnäçe telefon belgisiniň profillerini özünde saklamaga ukyplydyr. Şeýlelikde häzirki fiziki SIM-kartalara zerurlyk ýüze çykmaz. Täze ulanyşa girjek “eSIM” kartlary birnäçe operator ulgamlary bilen aragatnaşykda bolar. Fiziki telefon belgilerinden ýüz öwürmeklik aragatnaşyk ulgamlarynda tehniki çykdajylary hem belli bir derejede azaldar. Bu ýagdaý smartfon öndürijilere smartfondaky SIM-karta üçin niýetlenen ýeri hem tygşytlamaga şert döreder.
Täze 13-nji nesil “Android” smartfonlarynyň şu ýylyň maý aýynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.
Rejepnur Annakow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby