Ýakyn wagta çenli ulanyjylar zarýad beriji enjamyň smartfonyň gutusynda hökmany bolmaly aksessuardygyna öwrenişipdiler. Şeýle-de bolsa bu ýagdaý tehnologiýalaryň has-da kämilleşmegi, ösmegi bilen üýtgedi. Soňky ýyllarda kompaniýalar täze smartfonlaryny zarýad beriji enjamsyz satuwa çykaryp başladylar. Kompaniýalar muny zarýad beriji enjamyň, şol enjam salnandygy üçin gutunyň has uly bolmagynyň daşky gurşaw üçin has köp zeper ýetirýändigi üçin edendiklerini düşündirýärler. Şol sebäpli ozalky zarýad beriji enjamy ulanmak ýa-da ony aýratyn satyn almak maslahat berilýär. Şeýle hem soňky ýyllarda USB geçirijini köp kompýuter, týuner we beýleki enjamlarda bolan portlara ötürmek arkaly hem telefonlara zarýad bermek mümkin. Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy hem “Galaxy S21” modelini zarýad berijisiz satuwa çykarypdy. Belli bir wagtdan soň kompaniýa eplenýän beýleki modellerinden hem zarýad beriji enjamy aýrypdy. Indi bolsa, kompaniýa diňe bir gymmat bahaly modellerinden däl, arzan bahaly telefonlaryndan hem zarýad beriji enjamy aýyrmakçy bolýar. Bu ýagdaý kompaniýa üçin çykdajylary azaltmaga gönükdirilen bolar.

Jumamyrat Gaýypow

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby