Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy geljek 10 ýylda elektroulag önümçiligi üçin 40 milliard dollar maýa goýum goýmagy maksat edinýär. Kompaniýa 2030-njy ýyldan soňra diňe elektroulag satuwyny amala aşyrjakdygyny mälim etdi. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli 30 töweregi elektroulag modelini taýýar eder. Her ýylda satýan elektroulag sanyny bolsa, iki milliona ýetirmegi maksat edinýär. Şonda elektroulaglar kompaniýanyň satýan ulaglarynyň 40 göterimini emele getirer. Geçen ýylyň iýunynda kompaniýanyň ýolbaşçylary 2040-njy ýyla çenli benzin bilen işleýän ulag satuwyny doly ýatyrjakdygyny mälim edipdi.
“Honda” golaýda 2025-nji ýylda satuwa çykaryljak elektroulaglary öndürmek üçin “Sony” bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini mälim edipdi. Şeýle hem ýapon brendi “General Motors” bilen bar bolan hyzmatdaşlygyny giňeldip, Demirgazyk Amerika bazary üçin arzan bahaly ulaglary hem öndürer.
Sanjar Myradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby