Halkara howa menzilleri Geňeşi (ACI World) geçen ýylda iň köp gatnawly howa menzilleriniň sanawyny mälim etdi. Maglumatlara görä, ABŞ-nyň Hartsfild-Jekson Atlanta aeroporty geçen ýyl 75,7 million ýolagçyny myhman alypdyr. 62,5 million ýolagçynyň geçen Dallas/Fort Wort halkara aeroporty ikinji, 58,8 million ýolagçyny kabul eden Denwer halkara howa menzili üçünji bolupdyr. Geçen ýylda iň köp ýolagçy geçen 10 howa menziliniň sekizi ABŞ-da, ikisi Hytaýda ýerleşýär.
Halkara ýolagçy gatnawynda bolsa, Birleşen Arap Emirliklerindäki Dubaýyň Halkara aeroporty 29,1 million ýolagça hyzmat edip birinji, Stambul aeroporty 26,5 million ýolagçysy bilen ikinji we Niderlandlaryň Amsterdam Şiphol aeroporty 25,5 million ýolagçy bilen üçünji ýeri eýeledi.
Awdulla Geldiýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby