“Samsung” kompaniýasy daşky gurşawyň aýawly saklanmaga degişli täze maksatnamany durmuşa geçirýär. Kompaniýa bozulan telefonlary bejerende ozal ulanylan telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlaryndan peýdalanar. Şeýlelikde, bar bolan şaýlar ikinji gezek ulanylar. Şeýle hem onuň täzesini öndürmek zerurlygy aradan aýrylar. “Business Korea” neşiriniň habaryna görä, bu maksatnama telefonlary has arzan bahadan bejermäge mümkinçilik berer. Maksatnamanyň çäklerinde degişli rugsat berlen şaý-sepler başga bir mobil enjama hem oturdylyp bilner. Munda gaýtadan ulanylýan bölegiň hiliniň asyl we täze nusgasy bilen deň derejede bolmagyna üns berler. Bu düzgüniň şu ýylyň ikinji ýarymynda durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Bilermenler, esasan, ekran çalşylanda bu düzgüniň has amatly boljakdygyny belleýärler.

“Samsung” soňky ýyllarda daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna degişli taslamalary durmuşa geçirýär. Geçen ýyllarda kompaniýa uly göwrümli elektron enjamlaryň daşky gabyny kitap tekjesi we beýleki öý goşlaryny ýasar ýaly edip dizaýn edipdi.

Hekim Mämmetnuryýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby