Adam bedeni howanyň ýagyşly, şemally, çygly wagty has köp energiýany sarp edýär. Gün şöhlesiniň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürip bilýär, şol sebäpden bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybynyň peselmeginiň, nerw ulgamynyň dartgynlylygynyň, sussupesligiň, ukusyzlygyň, ysgynsyzlygyň öňüni almak üçin pasyllara görä geýinmek we iýmitlenmek örän ähmiýetlidir. Iýmit önümleri her bir adamyň bedeniniň kuwwatly bolmagyny we kesellere garşy göreşmek ukybyny üpjün edýär. Sagdyn bolmak üçin dürli nygmatlary – witaminlere, minerallara baý, bedenden zäherli maddalary (toksinleri) çykarmaga kömek edýän miweleri, ir-iýmişleri, ter gök-bakja, süýt we süýt önümlerini köp mukdarda iýmeli. Mundan başga-da, ter we kakadylan miweleriň gaýnatmalaryny, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylyp alnan şiresini, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň demlemesini ulanmak maslahat berilýär. Sitrus miwelerinde witaminler uzak wagtlap saklanýar. Adam saglygy üçin ösümlik ýaglary, balyk we ýumurtga hem peýdalydyr. Şol bir wagtda däneli ösümlikleri (süle, greçka, tüwi) hem köpräk iýmeli.
Bahar paslynda adam bedeni has zerur mikroelementleri talap edýär. Kalsiniň esasy çeşmesi süýt we süýt önümlerinde, injir, erik, kişmiş ýaly kakadylan miwelerde, demir bolsa etde, noýbada, greçkada, bagyrda, ýumurtganyň sarysynda, şokoladda, gök almada, kakadylan miwelerde köp bolýar. Ýod deňiz önümlerinde, kelemde, ýodlanan duzda, sink bolsa balykda, hurmada, peýnirde, sygyr etinde köp mukdarda saklanýar. Bugdaý unundan taýýarlanan içi ajy gyzyl burçly unaşy içmek sowuklama keseliniň we ýiti respirator ýokançlarynyň öňüni almak üçin ähmiýetlidir.
Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamynyň hereketine täsir edýär. Tokaýlyklaryň, seýilgähleriň howasy bolsa diňe bir dem alşa ýakymly bolman, eýsem, adamyň bütin bedenine oňaýly täsir edýär. Ulular, kiçi ýaşly çagalar, ýetginjekler, gartaşan adamlar arassa howada gezim etmegi, pasla görä geýinmegi endik etmelidirler. Açyk howada gezelenç edilende aşa galyň geýinmek maslahat berilmeýär. Ýagyşly, çygly, şemally howada hökmany suratda adamyň başy ýyly başgap bilen örtülen bolmalydyr. Bahar paslynyň howasynda aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ýyly bolmalydyr hem-de olaryň aşagy mümkin boldugyça tekiz bolmalydyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.