“Bellator 277” ady bilen ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen MMA tutluşyklar agşamynda ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow hem çykyş etdi. 32 ýaşyndaky türgen orta agyr agramda braziliýaly Rafael Karwalýo bilen tutluşyk geçirdi. Bu tutulyşykda ildeşimiz ýeňiş gazanmagy başardy. 2-nji raundda garşydaşyny tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar eden Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-daky ilkinji ýeňşini gazandy.

2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator-yň düzümine goşulan Döwletjan geçen ýylda geçiren 2 duşuşygynda-da garşydaşlaryndan asgyn gelipdi. Bu duşuşyk Döwletjanyň 27-nji tutluşygy bolup, 19-njy gezek ýeňiş gazandy. Onuň 7 ýeňlişi hem-de 1 deňligi bar.

Las Wegasda geçirilen MMA tutluşyklar agşamynyň esasy duşuşyklarynda braziliýaly Patrisio Pitbull amerikaly A.J. MakKiden, russiýaly Wadim Nemkow amerikaly Kori Andersondan üstün çykmagy başardy.