“Deus” atly şereket täze elektroulagyny tanyşdyrdy. Nýu-Ýorkda köpçülige görkezilen “Vayanne” atly ulagdan bary-ýogy 99 sanysynyň öndüriljekdigi we 2025-nji ýylda müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi. Awstriýanyň “Deus” şereketiniň işläp taýýarlan ulagy daşky dizaýny, kaşaňlygy we kuwwatlylygy bilen ünsi çekýär. Ulagyň kuwwatynyň 2200 at güýjüne barabardygy we 0-100 km tizlige 1,99 sekuntda ýetýändigi bellenildi. Ulagyň ýokary tizliginiň sagatda 400 kilometre ýetýär.
Ulag gündelik durmuşda ulanmaga hem amatly edilip dizaýn edilipdir. Ýerden beýikligi 12 sm bolan modeliň içi hem giň. Elektroulagyň öň we yz tarapynda dizaýn edilen tükeniksizlik şekiline meňzedilipdir.
Ulagyň öň tarapynda iki sany görkeziji we multimediýa ekrany göz öňünde tutulypdyr. Ulagyň önümçilige goýberiljek nusgasynyň birneme tapawutly bolup biljekdigi mälim edildi.
Maksat Gurbanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby