Adam­lar ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ba­la­ry­çy­ly­ga uly üns be­rip­dir­ler. Çün­ki bal azyk önü­mi hök­mün­de luk­man­çy­lyk­da giň­den peý­da­la­ny­lyp­dyr. Şeý­le-de, ba­la­ry oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Se­bä­bi bu jan­dar ekin­le­riň we beý­le­ki ösüm­lik­le­riň gül­le­ri­niň toz­ga­lan­mak­la­ry­ny we ne­ti­je­de ýo­ka­ry ha­syl ber­mek­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Bal ba­la­ry­nyň ösüm­lik­le­riň gül we beý­le­ki ösüm­lik şi­re­le­ri­ni ýyg­nap, gaý­ta­dan iş­läp eme­le ge­tir­ýän önü­mi­dir. Ba­lyň reň­ki, ta­ga­my we hoş­boý ysy onuň haý­sy ösüm­li­giň gü­lün­den ýyg­na­lan­dy­gy­na bag­ly­lyk­da üýt­ge­ýär. Şeý­le-de ba­lyň hi­li hem al­nan ösüm­li­gi­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Ba­la­ry­lar gül­den alan şi­re­sin­den bal taý­ýar­lan­la­ryn­da ony fer­ment­ler we beý­le­ki mad­da­lar bi­len baý­laş­dyr­ýar­lar. Ba­lyň dü­zü­mi­ne bel­li bir de­re­je­de ösüm­lik­le­riň gül toz­ga­jyk­la­ry hem ga­ryş­ýar. Bu­lar ba­lyň çyl­şy­rym­ly dü­zü­mi­niň bol­ma­gy­na, iý­mit­lik gym­ma­ty­nyň has ýo­kar­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Em­ma ary­lar di­ňe bal ýyg­na­ma­ýar­lar. Ola­ryň ba­ly ýyg­na­lan­dan soň­ra, öý­jük­le­rin­den dür­li hi­li gym­mat­ly önüm­ler alyn­ýar. Ary önüm­le­ri di­ňe azyk­lyk mak­sa­dy bi­len däl-de, baş­ga mak­sat­lar üçin hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Ary­nyň bir­nä­çe gü­le go­nup, ýyg­na­ýan esa­sy önü­mi­ne bal di­ýil­ýär. Ba­la­ry­la­ry gül­ler­den top­lan nek­ta­ry­ny ba­la öwür­ýär­ler. Ýyg­nal­ýan möw­sü­mi­ne we ösüm­li­giň gör­nü­şi­ne gö­rä, ba­lyň hi­li üýt­ge­ýär. Bu jan­dar­lar nek­ta­ry ýyg­nap, öý­jük­le­riň gö­ze­nek­le­ri­ne äkid­ýär­ler. Olar do­lan­dan soň­ra da­şy mum bi­len gap­lan­ýar. Bal öý­jük­ler­den sü­zü­lip al­nan­dan soň­ra iý­mit­lik hök­mün­de taý­ýar bol­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki su­wuň muk­da­ry bel­li bir de­re­je­den köp bol­sa, hi­li pe­sel­ýär. Ba­lyň hi­li­ni reň­ki, dy­kyz­ly­gy, ysy we ta­ga­my ar­ka­ly anyk­lap bol­ýar.
Toz­ga­jyk: to­hum­ly ösüm­lik­le­riň gül­le­rin­de bol­ýan toz­ga­jyk­la­ry ba­lyň esa­sy çig ma­ly ha­sap­lan­ýar. Ary­lar gö­ze­nek­ler­dä­ki ça­ga­la­ry­ny iý­mit­len­dir­mek üçin toz­ga­jyk ýyg­na­ýar­lar. Adat­ça, ary­lar toz­ga­jyk­la­ry öý­jü­giň gy­ra­la­ryn­da­ky gö­ze­nek­ler­de sak­la­ýar. Ol pro­tei­ne diý­seň baý bol­ýar. Ony adam­lar kä­bir ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len peý­da­lan­ýar­lar.
Ol ba­lyň dü­zü­min­de hem bol­ýar. Bal­da­ky toz­ga­jy­gyň şe­ki­li, ulu­ly­gy, reň­ki ar­ka­ly onuň haý­sy ösüm­li­ge de­giş­li­di­gi­ni anyk­lap bol­ýar.
Mum: 12-18 gün­lük iş­çi ary­lar ön­dür­ýär. Ary­lar öz öý­jük­le­ri­ni gur­mak üçin mum ön­dür­ýär­ler. Bil­ýän bol­sa­ňyz, ary­la­ryň öý­jük­le­ri al­ty­burç­luk gö­ze­nek­ler­den yba­rat bol­ýar. Gö­ze­nek­le­riň çuň­lu­gy 10-12 mm, dia­met­ri 5,37 mm bol­ýar. Er­kek ary­la­ryň­ky 6,9 mm bol­ýar. Mum ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri dür­li mak­sat­lar bi­len peý­da­la­nyl­ýar. Ary­la­ryň öý­jük­le­ri­ni eret­mek ar­ka­ly mum alyn­ýar.
Ary ýe­li­mi: Bu önüm agaç­la­ryň we beý­le­ki ösüm­lik­le­riň gun­ça­la­ryn­dan we ga­byk­la­ryn­dan alyn­ýar. Onuň reň­ki haý­sy agaç­dan alyn­ýan­dy­gy­na bag­ly­lyk­da üýt­ge­ýär. Onuň dü­zü­min­de 50 gö­te­rim şep­bik, 30 gö­te­rim mum, 10 gö­te­rim ýag bol­ýar. Ga­lan bö­le­gi pro­te­in­den, mi­ne­ral­lar­dan we wi­ta­min­ler­den eme­le gel­ýär. Ary ýe­li­mi öý­jü­giň için­de haý­sy­dyr bir jaý­ry­gy ber­kit­mek üçin ula­nyl­ýar. Örän ýel­me­şek bo­lan bu mad­da­nyň kö­me­le­gi, wi­ru­sy we bak­te­ri­ýa­ny öl­dü­ri­ji hä­si­ýe­ti bar. Şol se­bäp­li bu ýe­lim dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek­de ula­nyl­ýar.
Ary süý­di: Äh­li li­çin­ka­la­ra il­kin­ji gün­ler­de ary süý­di be­ril­ýär. Dör­dün­ji gün­den baş­lap, ola­ra goş­ma­ça toz­ga­jyk we bal hem be­ril­ýär. Ary­nyň li­çin­ka­la­ry­na ola­ryň öý­jük­le­ri ýa­pyl­ýan­ça 9 gün­läp ary süý­di be­ril­ýär. Şeý­le hem ene ary he­mi­şe ary süý­di bi­len iý­mit­len­ýär. Bu önüm bir­nä­çe ke­sel­iň öňü­ni al­mak­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Ary zä­he­ri: 14 gün­lük bo­la­nyn­dan soň­ra ary­la­ryň be­den­le­rin­de eme­le ge­lip baş­la­ýar. Her ary­da 0,3 mg zä­her bol­ýar. Ary haý­sy­dyr bir jan­da­ry ça­ka­nyn­da bu zä­he­ri bö­lüp çy­kar­ýar. Onuň öz­bo­luş­ly ysy beý­le­ki ary­la­ry hem how­puň aban­ýan ta­ra­py­na ça­gyr­ýar.
Bu mad­da der­man se­na­ga­tyn­da we beý­le­ki pu­dak­lar­da giň­den ula­nyl­ýar.