Elektron enjamlary öndürmegi bilen tanalýan “Apple” kompaniýasy köp ýyldan bäri energiýa pudagynda hem iş alyp barýar. Tehnologiýa ägirdi, esasan, öz önümçilik desgalarynda, ofislerinde we dükanlarynda sarp edilýän energiýany arassa çeşmelerden peýdalanmak isleýär. “Apple” geçen ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň 16 gigawatyny öndürmegi maksat edinýändigini habar beripdi. Kompaniýa bu görkezijiniň 10 gigawatlyk bölegine wagtyndan ozal ýetilendigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa beýleki taslamalarynyň depgininiň çaltlandyryljakdygyny aýan etdi. Kompaniýa geçen ýyl arassa energiýa taslamalary arkaly 13,9 million metrik tonna uglerodyň azaldylandygyny aýtdy. Bu bolsa 3 million awtoulagyň howa goýberýän gazyna barabar. Kompaniýa häzirki wagtda arassa çeşmelerden energiýa öndürýän desgalaryň gurluşygy üçin beýleki şereketler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem kompaniýa hyzmatdaşlaryndan hem arassa energiýa ulanmagy talap edýär.
Didar Atabaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby