2030-njy ýyldan başlap, diňe elektroulag önümçiligini dowam etdirmek isleýän “Volvo” kompaniýasy bu tehnologiýany kämilleşdirmek üçin beýleki şereketler bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Nemes öndürijisi “StoreDot” şereketi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu şereket ulagyň 5 minutda 160 kilometr ýol geçmegine mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp taýýarlaýar. “StoreDot” “Volvo”-nyň beren goldawy bilen çalt zarýad alan batareýalary wagtyndan ir taýýar etmegi meýilleşdirýär. Bu tehnologiýa 2024-nji ýylda köpçülikleýin öndürilip başlanar. Çalt zarýad berip bolýan bu ulgam, ilkinji nobatda, “Volvo” ulaglarynda oturdylar. “StoreDot” geçen ýyl bu tehnologiýasyny tanyşdyranda 2025-nji ýylda önümçilige goýberiljekdigini mälim edipdi.
“Volvo” 2025-nji ýyldan başlap, awtoulag önümçiliginiň ýarysyny, 2030-njy ýyldan başlap ählisini “elektrikli” etmegi maksat edinýär. Kompaniýa şu ýylyň birinji ýarymynda dolulygynda elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň 50 müňüni satdy. Bu görkeziji ähli satuwyň 33,6 göterimini emele getirdi. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglardan bolsa, 11 müň 721 sanysy satylyp, 7,9 göterimini emele getirdi.
Ahmet Atabaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby