NASA Ýerdäki adamlary göni ýaýlymda şöhle bilen üç ölçegli surat arkaly kosmosa iberdi. Alymlar “holoport” tehnologiýasy arkaly Ýerde oturan ýerinden Halkara kosmos bekedindäki (HKB) astronawtlar bilen duşuşdylar, salamlaşdylar. Amerikan aerokosmos edarasy gologramma tehnologiýasy bilen doktor Josef Şmid we onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň wekilleriniň şekilini HKB-ine iberdi. Kosmosa gaýybana giden doktor Şmid munuň adamzadyň täze açyşydygyny aýdyp, “Bedeniňiz Ýer ýüzünde wagty, özüňiz kosmosa çykyp bilýärsiňiz” diýip belleýär.
“Holoport” tehnologiýasy birnäçe ýyldan bäri işlenip taýýarlanýar. Bu tehnologiýany taýýarlamaga ilki “Microsoft” kompaniýasy girişipdi. Gologramma tehnologiýasynda ilki adamyň üç ölçegli şekili elektron dünýäde emele getirilýär. Soňra bolsa ýörite enjamyň ýüzünde hakyky ýaly bolup görnüp, islendik hereketi ýerine ýetirip bilýär. NASA-nyň geçiren ilkinji synanyşygynda hem bu şeýle edildi. Ilki, kosmos bekedindäki astronawtlar bilen salamlaşjak adamlaryň üç ölçegli nusgasy kosmosa iberildi. Soňra bolsa ol ýerdäki laboratoriýada gaýtadan döredildi. NASA bu täsin duşuşygyň “hakyky wagtly” bolandygyny belleýär. Ýagny, şöhleden döredilen şekili kosmosa iberilen adam astronawtlar bilen ýüzbe-ýüz gepleşip bildi.
Güljan Ataýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby