Kakao agajy latynça (Theobroma cacao) “Teobroma” urugynyň, “Malvaceae maşgalasynyň  hemişelik ýaşyl öwüsýän agaç görnüşine degişlidir. Kakao agajy Günorta Amerikanyň subekwatorial zonalarynda, ýabany görnüşleri Meksikanyň kenarýakalarynda, merkezi we günorta Amerikanyň tropiki tokaýlarynda ösýär. Miwesi däne ýa-da tohum şekilinde bolup, konditer senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda we lukmançylykda giňden ulanylýar. Kakaoly içgileri taýýarlamakda “Teobroma” urugynyň “Theobroma bicolor görnüşi ulanylýar.

Kakao agajyň boýy 12-15 metr, onuň galyň we hemişelik ýaşyl reňkini saklaýan ýapraklary ýagtylyga görä hereket edip ösýär, gülleri agymtyl-gülgün reňkli, ilkinji güli agaç 4-5 ýaşyna ýetende açylýar. Kakao 12 ýaşyna ýetende ilkinji hasylyny berip başlaýar. Onuň ösüşi 80 we ondan hem köp ýyl dowam edýär. Miwesiniň uzynlygy 30 sm, agramy 500 gram.

Kakao agajyndan ýylda iki gezek hasyl alynýar – ýagyşly möwsümiň soňunda, ýagyşly möwsümiň başynda.

Ilkinji alnan hasylynyň hili has ýokary bolýar.

Kakao agajyna kaulofloriýa häsiýet mahsus, ýagny miweleri ýaş şahalaryna berkleşmän, gös-göni esasy agaç sütüninden ösüp çykýar.

Lukmançylykda kakao agajynyň däneleri ýokarky dem alyş ýollaryny bejermekde, damagyň agyrmagyna, gakylyga garşy göreşmekde ulanylýar. Kardiologlaryň aýtmaklaryna görä, kakaonyň düzümindäki saklanýan bioaktiw birleşmeler trombositleriň ýelimlenmegini 70% çenli azaldyp bilýär, bäş sany giňden ýaýran keseliň (insult, infarkt, miokard, rak we diabet) derejesini 10% çenli peseldip bilýär. Ýöne aşa köp iýmek hem maslahat berilmeýär.

Oguljemal BATYROWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby