“Counterpoint Research” şereketi täzelenen smartfon satuwlary barada maglumat ýaýratdy. Maglumatda şeýle telefonlara müşderiler hem uly gyzyklanma bildirýär, kompaniýalar hem. Şeýle bolansoň, täzelenen telefon bazary 2021-nji ýylda 15 göterim ulalypdyr. Degişli döwürde täze telefon satuwynyň artyşy 4,5 göterim bolupdyr. Täzelenen telefonlaryň satuwynyň artmagynda täze telefonlaryň bahasynyň gymmatlamagynyň täsiri uly bolupdyr. Täzelenen telefonlarynyň ösüşi Günorta Amerika ýurtlarynda 29 göterim, Hindistanda 25 göterim artypdyr. Bu ugurda “Apple” birinji, “Samsung” ikinji bolupdyr.

Dürli sebäplere görä, gutusyndan çykan wagty fiziki, programma we beýleki näsazlygy bolan telefonyň gaýtadan bejerilip, satuwa çykarylan telefona täzelenen telefon diýilýär. Bu telefonlaryň öz deňeçerinden arzan bahasy bilen müşderileriň ünsüni çekýän bolsa, öndüriji kompaniýalar üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.

Arslan Annalyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby