21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň 2021 – 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň söwda ulgamyny we telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.