Ýiti respirator keseli pasyllaryň çalyşýan döwründe duş gelýär. Kesel ýokuşanda kellagyry, endamyň agyrmagy, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, gözden ýaş akmak, asgyrmak ýaly alamatlar ýüze çykýar. Ýiti respirator keselini döredýän wirusyň zäherleri beden agzalaryna zeper ýetirýär. Adam aýak üstünde keseli geçiren bolsa, kesel gaýra üzülmeleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaýlar dem alyş we nerw ulgamyna, ýüregiň we böwrekleriň kadaly işleýşine zyýan ýetirip bilýär. Köplenç bedeni gowşak, ýürek-damar, nerw ulgamynyň ötüşen kesellerinden ejir çekýän adamlar we çagalar ýiti respirator keseli bilen keselleýärler.
Ýiti respirator ýokanç keselinden goranmak üçin öý we edara otaglarynyň howasyny çalşyp durmaly, ýelejiretmeli. Dymyk howaly otaglarda, köp adamlaryň üýşýän ýerlerinde ýiti respirator keseliniň wiruslary köpelýär. Salkyn otaglarda bolnanda, sowuk içgiler içilende adam bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukyby peselýär we ýiti respirator ýokanç keseliniň wiruslaryna duýgur bolýar. Eger-de maşgala agzalaryňyzdan biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen kesellän bolsa, ony mümkinçilik bolan ýagdaýynda aýratyn otaga ýerleşdirmeli we haýal etmän lukmana ýüz tutmaly. Mundan başga-da, näsagyň aýratyn gap-gaçlary gyzgyn suwda gowy ýuwulmaly we durlanmaly. Näsagyň ýanyna barýan beýleki maşgala agzalary lukmançylyk örtügini dakynmaly. Bir gezeklik agyz-burun örtügini her 2 sagatdan çalşyp durmaly. Näsaga limonly çaý, bally ýyly süýt, mineral suw we beýleki suwuklyklary (ir-iýmişleriň, miweleriň gaýnatmalary, täze sykylyp alnan şireleri, melhem çaýlary) günüň dowamynda yzygiderli içirmeli. Lukman bilen maslahatlaşman özbaşdak derman serişdelerini kabul etmeli däl. Bedeniň gyzgyny aşa ýokary derejede saklanýan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we onuň bellän bejergisini doly we dogry berjaý etmeli.
Iýmitleneniňizde ter gök we bakja önümlerini, miweleri, ir-iýmişleri iýmit düzgünine goşmaly, ylaýta-da sogan bilen sarymsak iýmeli. Olaryň düzüminde köp mukdarda fitonsidler bar. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän derman otlardan taýýarlanan melhem çaýlary, dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, itburunyň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesi peýdaly içgiler hökmünde maslahat berilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.