Şweýsariýanyň Lozanna federal politehniki mekdebinde Laszlo Forronyň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler topary titanyň dioksid nanowirlerini we uglerod nanoturbajyklaryny öz içine alýan täze enjamy oýlap tapdylar. Gün şöhlesi bilen işleýän bu enjam suwy zyýanly bakteriýalardan, wiruslardan we pestisidlerden arassalaýar. Suw süzgüjiniň Gün şöhlesi bilen işlemegi ony medeni zolakdan uzak ýerlerde ulanmaga mümkinçilik döredýär. Ultramelewşe şöhle turbalara degende, ýagtylyk reaktiw kislorod görnüşleri bilen baglanyşykly molekulalar toparyny emele getirýär. Netijede, suw arassalanýar we düzümindäki zyýanly bakteriýalar ýok bolýar.

Täze formulanyň synaglary dürli keselleriň döremegine sebäp bolýan wiruslary we bakteriýalary ýok etmekde oňat netije berdi. Ylmy işi geçirýän topary ýolbaşçysy Endre Horwat mundan beýläkki gözleglerinde ylmy jemgyýetler we maliýe guramalary tarapyndan goldanyljakdygyna umyt baglaýar.

Täze oýlap tapyş daşky gurşawyň ýagdaýy sebäpli arassa agyz suwunyň elýeterliligi çäkli ýerler üçin hem ähmiýetli bolar.

Batyr HASANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby