Adatça, garpyzlar togalak ýa-da süýri bolýar. Emma käbir ýerlerde dörtburç şekilli garpyzlar hem ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle garpyzlar esasan Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýär. Dörtburç garpyzy ösdürip ýetişdirmek üçin tebigy ýagdaýda tegelek bolan garpyzyň tohumy ekilýär. Garpyz düwüp, belli bir derejede ulalandan soňra ony baldagyna zeper ýetirmän, emaý bilen aýna guta salynýarlar. Şeýlelikde garpyz gutynyň içinde ulalyp, gutynyň şekilini alýar. Gutunyň aýnadan bolmagy onuň Gün şöhlesini almagy üçin gerekli hasaplanýar. Bu garpyzlaryň hasyl berýän wagty adaty garpyzdan tapawutly bolmaýar, ýagny 80 bilen 100 günüň aralygynda bişýär. Kwadrat şekilli garpyzlar, esasan, sowadyja salanda aňsat bolmagy üçin şeýle ýagdaýda ösdürilip ýetişdirilýär. Bellemeli aýratynlyklaryň biri, diňe bir garpyzy däl, islendik miwäni ýa-da bakja ekinlerini hem ýaňy düwen wagty dürli şekilli gutulara salyp, täsin miweler ösdürilip ýetişdirilýär.

Ruslan JUMAKULYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.