Tai­lan­dyň Phangn­ga aý­la­gyn­da – deň­ziň or­ta­ra­syn­da, äpet ga­ýa­la­ryň ara­syn­da ýer­leş­ýän Ko-Pa­ni oba­sy tä­sin ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. XVIII asy­ryň ahy­ryn­da ma­laý ba­lyk­çy­la­ry we de­ňiz­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan bu oba­nyň jaý­la­ry, mek­dep­le­ri, dü­kan­la­ry we met­jit­le­ri agaç hem-de be­ton sü­tün­le­riň üs­tün­de dur. Ko-Pa­ni oba­sy 1986-njy ýyl­da gur­lan ýüz­ýän fut­bol meý­dan­ça­sy (Pa­nyee FC) bi­len meş­hur­dyr. 360 maş­ga­la­dan, ýag­ny 1 müň 685 adam­dan yba­rat bo­lan oba ila­ty­nyň as­ly Ýa­wa­dan gö­çüp ge­len iki mu­sul­man de­ňiz­çi maş­ga­la­syn­dan ge­lip çyk­ýar. Tai­lan­dyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant go­şan oba­da, esa­san, mu­sul­man ilat ýa­şa­ýar. Ada­da­ky met­jit oba­nyň mer­ke­zi bo­lup, mö­hüm ýyg­nak­la­ryň we du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­dir. Suw­dan 100 metr be­ýik­li­ge ga­lyp du­ran ul­la­kan ga­ýa oba­nyň meş­hur ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ir­ki ýyl­lar­da ba­lyk­çy­lar ýol­daş­la­ry­na ha­bar ug­rat­mak üçin ga­ýa­nyň de­pe­si­nde baý­dak di­kip­dir­ler. Şol se­bäp­li bu oba taý di­lin­de «Baý­dak oba­sy» hem di­ýil­ýär.
Dur­muş şert­le­ri­niň we sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, oba ila­ty ba­lyk­çy­lyk­dan gün-gü­ze­ran aý­la­ýar. Ýur­duň beý­le­ki şä­her­le­rin­den egin-eşik, der­man we aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri sa­tyn alyn­ýar. «Ýüz­ýän oba­nyň» tö­we­re­gin­dä­ki su­wuň için­den çy­kyp du­ran ga­ýa­lar «Jeýms Bond ada­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ýa­gyş möw­sü­min­de Ko-Pa­ni oba­sy­na da­şyn­dan adam bar­ma­ýar. Se­bä­bi eme­li ada­nyň üs­tün­de gur­lan bu oba­da suw joş­ma­la­ry we te­bi­gy ha­dy­sa­lar köp bol­ýar. Gu­rak­çy­lyk möw­sü­min­de, ýag­ny to­mus­da sy­ýa­hat­çy­lar tä­sin oba­ny we Jeýms Bond ada­sy­ny ýa­kyn­dan syn­la­ma­ga bar­ýar­lar. Oba­da ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek bi­len bir ha­tar­da, res­to­ran­lar­da de­ňiz önüm­le­rin­den taý­ýar­la­nan dür­li ta­gam­lar hö­dür­len­ýär. Ba­lyk­çy­lar oba­syn­da 12 tö­we­re­gi res­to­ran bar. Oba­da adam sag­ly­gy üçin zy­ýan­ly iç­gi­ler we önüm­ler sa­tyl­ma­ýar.