Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýasy ba­zar­la­ryn­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len yl­my-bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy «Gart­ner»-iň bi­ler­men­le­ri glo­bal ýa­rym ge­çi­ri­ji­ler pu­da­gy­nyň 2021-nji ýyl­da­ky ma­li­ýe ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­ba­ty mä­lim et­di­ler. Ba­za­ra gat­na­şy­jy­la­ryň umu­my gir­de­ji­si bir ýyl­da 26,3% ýo­kar­la­nyp, 595 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Glo­bal çip ýet­mez­çi­li­gi, 5G smart­fon­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy hem-de çig ma­lyň we lo­gis­ti­ka hyz­mat­la­ry­nyň gym­mat­la­ma­gy ýa­rym ge­çi­ri­ji önüm­le­ri­niň or­ta­ça ba­ha­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na se­bäp bo­lup, gir­de­ji­leriň art­ma­gy­ny üp­jün et­di.
2018-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek «Sam­sung Electro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy «In­tel»-den bi­rin­ji or­ny al­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ko­re­ýa­nyň ön­dü­ri­ji­si gör­ke­zi­ji­si­ni 28% go­wu­lan­dyr­dy, em­ma ame­ri­kan ägir­di­niň gir­de­ji­si ge­çen ýyl 0,3% azal­dy. Ön­dü­ri­ji­le­riň il­kin­ji on­lu­gyn­dan ýy­lyň je­mi bo­ýun­ça iň go­wy ösü­şi AMD bi­len «Me­dia­Tek» gör­kez­di. Ola­ryň gir­de­ji­si de­giş­li­lik­de, 68,6% we 60,2% ýo­kar­lan­dy.
Hytaýyň «Hi­Si­licon» kompaniýasynyň gir­de­ji­si 81%, ýag­ny, 2020-nji ýyl­da­ky 8,2 mil­liard dol­lar­dan 2021-nji ýyl­da 1,5 mil­liard dol­la­ra çen­li azal­dy. «Hi­Si­licon»-yň yzy bi­len Hy­ta­ýyň glo­bal ýa­rym ge­çi­ri­ji­ler ba­za­ryn­da­ky pa­ýy 2020-nji ýyl­da­ky 6,7%-den 2021-nji ýyl­da 6,5%-e çen­li azal­dy. Gü­nor­ta Ko­re­ýa bol­sa, ge­çen ýyl özü­niň glo­bal ba­zar­da­ky pa­ýy­ny 19,3% ýo­kar­lan­dyr­dy.
Aw­tou­lag we se­na­gat kom­po­nent­le­ri ba­zar­la­ry tu­tuş pu­dak üçin ösü­şiň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lup, güýç­li oňyn dep­gin­le­ri gör­kez­di. Aw­to­mo­bil bö­lek­le­ri­niň ba­za­ry 34,9% ýo­kar­lan­dy. Ösüş bo­ýun­ça ikin­ji or­ny 24,6% ýo­kar­la­nan sim­siz ara­gat­na­şyk ba­za­ry eýe­le­ýär. Eger 2020-nji ýyl­da 251 mil­li­on 5G smart­fo­ny ön­dü­ri­len bol­sa, 2021-nji ýyl­da ola­ryň sa­ny 556 mil­lio­na deň bol­dy.
Glo­bal ba­za­ryň ösü­şi­niň ýe­ne bir şer­ti ýa­dyň önüm­çi­li­gi bol­dy, bu seg­ment ýa­rym ge­çi­ri­ji­le­riň sa­tu­wy­nyň 27,9%-ini üp­jün edip, gir­de­ji­ni 33,2% ýo­kar­lan­dyr­dy. Bu ýer­de per­so­nal komp­ýu­ter­le­re we ult­ra­mo­bil gur­luş­la­ry­na hem-de «bu­lut» üp­jün edi­ji­le­ri­niň en­jam­la­ry üçin bö­lek­le­re is­le­gi ýo­kar­lan­dy­ran uzak ara­lyk­dan iş, şeý­le-de iş bi­len oku­wyň gib­rid gör­nü­şi kes­git­leý­ji hä­si­ýe­te eýe bol­dy.