Eşidişiň ýitmegi, bilim almak, işe ýerleşmek hem-de jemgyýetçilik hyzmatlaryna girişmek, şeýle-de şahsy gatnaşyklarda şahsyýetiňe bolan ynamyň ösüş derejesinde päsgelçilik döredýär. Hut şu maksat bilen, Awstraliýanyň hökümeti jemgyýetçilik hyzmatlary bölüminiň maliýeleşdirmegi bilen “Dodaklary okaň!” atly onlaýn okuwlaryny ýola goýdy. Täze bilim ulgamy adamlaryň dodak okamak ukybyny ýokarlandyrmak üçin döredilen onlaýn okuw programmasydyr. Bu ýerde tejribeli mugallymlar, ulanyjylar öz isleglerine görä onlaýn modullara ýolbaşçylyk edýärler. Professor-mugallymlaryň tassyklamagyna görä, agzyň esasy hereketlerini kesgitlemek, yzygiderli tejribe bilen kämilleşdirilip bilinjek ussatlykdyr.
Täze bilim çemeleşmesi dürli gurşawda we kontekstde kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmegi gowulandyrar. “Dodaklarymyzy okaň” onlaýn okuwy gepleýän adamyň sesini hiç hili ýa-da çala eşideniňde-de oňa düşünmek ukybyňy ösdürýär. Maglumatlara görä, 3,6 million awstraliýaly eşidiş ukybynyň pesliginden kynçylyk çekýär. Eşidiň ukyby ýaşyň geçmegi bilen artyp bilýär.
Gülbahar HALNAZAROWA,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy