Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gel­jek ýe­di ýyl­da döw­le­ti­mi­zi ös­dür­me­giň Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu mö­hüm res­mi­na­ma­da her we­la­ýa­tyň dur­muş-yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni köp­ta­rap­la­ýyn ulan­ma­ga gö­nük­di­ri­len anyk we­zi­pe­le­riň göz öňün­de tu­tul­ma­gy hal­ky­myz üçin mun­dan beý­läk-de ýo­ka­ry hil­li dur­muş şert­le­ri­ni el­ýe­ter­li et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­lar­da ila­tyň iş üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, her bir maş­ga­la­ny hä­zir­ki za­man öýi ýa-da ja­ýy bi­len üp­jün et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­len­me­gi döw­le­ti­mi­ziň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.

Häzirki wagtda welaýatlarymyzy ösdürmek hem-de ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmak ugrunda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ine, şeýle taslamalaryň biri hem Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygydyr. Güýjenmesi 500 kilowolt bolan howa elektrik geçirijisi ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça başy başlanan iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birikdirmek arkaly içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bal­kan-Da­şo­guz ho­wa elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, ýur­du­myz­da bir bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­my eme­le gel­ýär. Bu bol­sa içer­ki sarp edi­ji­le­riň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün­çi­li­gi­ni ber­kit­mek bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­ny şert­len­di­rer.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty ok­gun­ly ösü­şe eýe bo­lup, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­por­ty­ny art­dyr­ma­ga ukyp­ly­dyr. Ýur­du­my­zy top­lum­la­ýyn se­na­gat­laş­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur bo­lup, iri se­na­gat top­lum­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ola­ryň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek, şeý­le hem elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üçin bu pu­da­gyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek, bu ugur­da tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­mak we işe gi­riz­mek gel­je­ge gö­nük­di­ri­len uzak möh­let­le­ýin döw­let äh­mi­ýet­li we­zi­pe­dir.
Ýur­du­myz­da ula­nyl­ýan se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek üçin giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. We­la­ýat­lar­da döw­re­bap gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ket­ler, elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar, tok paý­laý­jy pods­tan­si­ýa­lar gu­rul­ýar, paý­tag­ty­my­zy, beý­le­ki şä­her­le­ri we ilat­ly ýer­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Pu­da­ga or­naş­dy­ryl­ýan tä­ze usul­lar we ýur­du­my­zyň kän­le­rin­dä­ki elekt­rik be­ket­le­ri üçin ula­nyl­ýan ýan­gyç­la­ryň hä­zir­ki dö­wür­de iň ne­ti­je­li­si we eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz ha­sap­lan­ýa­ny bo­lan te­bi­gy ga­zyň ägirt uly gor­la­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­imi­ziň mö­hüm pu­da­gy­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri amat­ly çöz­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da içer­ki sarp edi­ji­le­ri­mi­zi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek, şeý­le hem hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şaý­şyň, öza­ra bäh­bit­li we deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä halk­la­ry­na hem el­ýe­ter­li et­mek mak­sa­dy du­ran­dyr.
Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler we eýe­len­ýän sep­git­ler döw­le­ti­mi­ziň özü­niň ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny, oňaý­ly ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we halk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gy­na, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni ara­gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­dir­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ky­ka­tyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa geç­ýän­di­gi­niň aý­dyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr.
Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­na or­naş­dy­ryl­ýan in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­da «ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň» uly or­na eýe bol­ma­gy tö­tän­den däl­dir. Bu teh­no­lo­gi­ýa­lar yk­dy­sa­dy taý­dan tyg­şyt­ly­lyk ar­tyk­maç­ly­gyn­dan baş­ga-da, daş­ky gur­şa­wa zy­ňyl­ýan zy­ýan­ly ga­lyn­dy­la­ryň bir­nä­çe es­se azal­dyl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
«Ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­gyň 2018–2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2021–2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» hem-de «Ener­gi­ýa­nyň di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça 2030-njy ýy­la çen­li Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy» ka­bul edil­di. Türk­me­nis­tan ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da se­bit we se­bi­ta­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Pu­da­ga or­naş­dy­ryl­ýan in­no­wa­si­ýa­lar, şeý­le-de hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de elekt­rik be­ket­ler üçin ýan­gy­jyň iň ne­ti­je­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz gör­nü­şi bo­lan te­bi­gy ga­zyň ýur­du­myz­da­ky ägirt uly gor­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­tiň stra­te­gi­ki pu­da­gy­nyň öňün­de du­ran we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Aý­gül BER­DI­LI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.