Elektron enjamlarynyň iň esasy bölekleriniň biri bolan mikroprosessorlary öndürýän şereketler uly girdeji gazanýarlar. Ýokary tehnologiýa talap edýän bu önümi öndürýän kompaniýalaryň sany hem o diýen köp däl. Soňky maglumata görä, bu bazaryň öňdebaryjysy “MediaTek” kompaniýasy boldy. Emma haryt satuwynda öňdebaryjy bolsa-da kompaniýa girdeji babatda birinjiligi eýelemeýär. Mobil mikroprosessor bazarynda “Qualcomm”, “MediaTek”, “Apple”, “Samsung” we UNISOC ýaly kompaniýalar bar. 2022-nji ýylyň birinji çärýegindäki maglumatlara görä, “MediaTek” elektron enjamlarynyň satuwynda birinji bolupdyr. “Qualcomm” we “Apple” ikinji orunlary eýeläpdir. “MediaTek” bazaryň 38 göterimini eýeläpdir. Bazar paýyna seredilende, “Qualcomm” 30 göterim, “Apple” 15 göterim, UNISOC 11 göterim, “Samsung” 5 göterim we “HiSilicon” 1 göterim alypdyr.

Girdejisi babatdaky tertip, “Qualcomm” (44 göterim), “Apple” (26 göterim), “MediaTek” (19 göterim), “Samsung(7 göterim), UNISOC (3 göterim) we “HiSilicon (1 göterim) bolupdyr.

Baýmyrat Babaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby