Alymlar Antarktikanyň töweregini gurşap alýan Günorta ummanynyň düýbüni emele getirýän jülgeleriň, düzlükleriň we daglaryň kartasyny taýýarladylar. 48 million inedördül kilometr meýdany eýeleýän kartada «Factorian Deep» atly çuňlugy 7 müň 432 metr bolan çöketlik hem görkezilipdir. Bu iş ummanlaryň düýbi barada maglumatlary, deňiz gatnawy, deňiz we ummanlaryň goralmagy, şeýle hem Ýeriň kontinental we geologik taryhynyň öwrenilmegi üçin hem ähmiýetlidir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu ugurda edilmeli işler entegem az däl. Ummanlaryň düýbündäki giň meýdanlar doly anyklanmady. Günorta ummanynyň Halkara Batimetrik kartasyny emele getirmek üçin bäş ýyl zähmet çekilipdir. Bu sebitiň ilkinji kartasy 2013-nji ýylda taýýar edilipdir.
Taslamanyň çäklerinde gämiler we gaýyklar ýörite enjamlar arkaly ýygy-ýygydan suwuň çuňlugyny ölçäpdirler. Şeýle hem batiplandan (deňiz çuňluklaryny öwrenmek üçin suwasty kamera) peýdalanylypdyr. Kartany döretmek üçin sebit barada ozal ylmy barlaglary geçiren ýurtlardan we guramalardan hem maglumat talap edilipdir. Täze döredilen karta Günorta ummanynyň günorta tarap 50 derejä çenli bolan ähli meýdany öz içine alýar. Germaniýanyň Alfred Wegener adyndaky institutynyň ylmy işgäri, doktor Boris Dorşel kartanyň öz içine alýan meýdanynyň dokuz ýylyň dowamynda iki essä çenli köpeldilendigini belleýär. Doktor Dorşel diňe kartasy döredilen meýdanyň köpeldilmändigini, eýsem, has köp maglumatyň hem toplanandygyny belleýär.
Işiň köp böleginde Antarktikada ylmy işleri geçirýän gämilerden peýdalanylypdyr.
Bu gämiler ak materikden Çili, Günorta Afrika Respublikasy ýa-da Tazmaniýa ýaly ýerlere gideninde ýolugruna maglumat toplamak maksady bilen hem peýdalanyldy.
Kartanyň taýýarlanmagyna zerurlyk duýulmagynyň birnäçe sebäbi bar. Ilki bilen, bu maglumatlar deňizde ýük we ýolagçy gatnawy üçin ähmiýetli bolup durýar. Şeýle hem balyklaryň we beýleki deňiz jandarlarynyň goralmagy üçin hem ähmiýetlidir. Sebäbi deňziň aşagyndaky daglar ýabany suwasty durmuşy babatda baý hasaplanýar. Mundan başga-da, suwuň aşagynyň çuňlugy, beýikli-pesli ýerleri suw akymyna täsir edýär. Suwdaky akym bolsa howanyň üýtgemegine gönüden-göni täsir edýän Ýer ýüzündäki ýyly howany bir ýerden başga ýere äkidýär.
Dünýäniň bäşinji ummany
Entek birnäçe çeşmede görkezilmeýän hem bolsa, alymlar bäşinji ummanyň bardygyny ýüze çykardylar. Mundan bir ýyl ozal Antarktikanyň daş-töweregini öz içine alýan deňiz gurşawy Günorta ummany diýlip atlandyrylypdy. Alymlar bu ýeriň hem aýratyn ummandygyny belleýärler. Sebäbi Antarktikanyň daş-töweregi aýratyn deňiz florasy we faunasy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň ygtybarly ylmy neşirleriniň biri bolan «National Geographic» hem bu ýeri bäşinji umman hökmünde kabul edipdi. Köp ýyllaryň dowamynda Ýer ýüzünde dört umman (Hindi ummany, Ýuwaş ummany, Atlantik ummany we Demirgazyk buzly ummany) bar diýlip hasap edildi. Ylmyň ösmegi, tebigatyň has içgin öwrenilmegi netijesinde alymlar Ýeriň Günorta polýusynyň daş-töweregini hem aýratyn umman hökmünde kabul edip başladylar. Ylmy neşirde bäşinji ummanyň ekologiýa taýdan görnetin tapawutlanýandygy bellenilýär. Bu ummanyň esasy tapawudy bolsa demirgazygyndaky ummanlardan has güýçli akymynyň bolmagydyr. Günbatardan gündogara tarap akýan bu akym Antarktikanyň daşyndan aýlanýar. Bu ýeriň suwy sowuk bolup, düzüminde duzuň mukdary az. Bilermenler bu ýeriň aýratyn umman hasap edilmeginiň dünýäde howanyň özgermegine garşy göreşde peýdaly boljakdygyna ünsi çekýärler.