Her ýylyň 4-nji maýynda Halkara ýangyn söndürijileriň güni bellenilýär. Jemgyýetiň durmuşynda möhüm bolan bu sene adamyň, janly bedenleriň, ekosistemanyň howpsuzlygyny üpjün edýän sene hökmünde bellidir. Halkara ýangyn söndürijiler güni 1998-nji ýylyň dekabr aýynda Awstraliýada bolup geçen tokaý ýangynlaryň öňüni almak bilen bagly ýüze çykan wakalar sebäpli döredildi. Şeýle hem bu senede ençeme ýurtda ýangyn howpunyň öňüni almagyň ähmiýeti bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, bu hünär batyrlygy, tutanýerliligi, çalasynlygy, ussatlygy talap edýär. Baýramyň esasy nyşany gyzyl hem-de gök reňkli lenta bolup, gyzyl reňk alawy, gök reňk bolsa suwy aňladýar. Bu günde köp ýurtda bu kärde zähmet çekýän hünär ussatlaryna sowgatlar berilýär, dabaraly çäreler geçirilýär, wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar.

Safiýa Hamrakulyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby