Angliýanyň Kembrij uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary çaganyň mekdebe barmanka deň-duşlary bilen oýun oýnamagynyň geljekde zehin taýdan has sagdyn boljakdygyny ýüze çykarypdyr. Ýokary okuw mekdebiniň Bilim fakultetiniň bilermenleri çagalaryň deň-duşlary bilen oýnamak endiginiň zehiniň kadaly bolmagyna oňyn täsir edýändigini görkezýän delilleri tapandyklaryny belleýärler. Barlagyň çäklerinde 2003-nji hem-de 2004-nji ýyllarda Awstraliýada dünýä inen 1 müň 676 çaga baradaky maglumatlar seljerilipdir. Netijede, üç ýaşynda deň-duşlary bilen gowy aragatnaşyk saklaýan çagalaryň 7 ýaşyna baranlarynda zehin taýdan has kämil bolýandyklary anyklanypdyr. Şeýle çagalaryň deň-duşlary bilen sözüniň aňsat alyşýandygy, gödek hereketlerden saklanýandygy we duýgy taýdan kadalydygy ýüze çykaryldy.
Şeýle hem geçirilen barlagyň netijesinde oýnalýan oýnuň wagtynyň däl-de, hiliniň hem ähmiýetlidigi bellenildi. Geçirilen barlagda döredijilik talap edýän oýunlaryň, belli maksady bolan oýunlary (bölejiklerden jaý gurmak ýaly) ýa-da gizlenpeçek ýaly «hyzmatdaşlyk» talap edilýän oýunlaryň has peýdalydygy bellenildi.
Göwher GUMYŞOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň mugallymy.