Ýaşy 103 ýyl 259 gün bolan Şwesiýanyň ýaşaýjysy Rut Larsson paraşýut bilen tandem böküşini edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada “Fox News” habar berdi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, Larsson 90 ýaşyndaka paraplanda uçup görüpdir. Garry zenanyň 102 ýaşy dolanda bolsa, ilkinji gezek paraşýutdan böküp, rekordyny täzelemegi ýüregine düwen eken.