19-njy iýunda Fransiýada geçirilen parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Prezidenti Emmanuel Makronyň “Bilelikde!” koalisiýasy sesleriň 38,57%-ine eýe boldy. Bu maglumatlar býulletenler doly sanalandan soň içeri işler ministrligi tarapyndan habar berildi.

Žan-Lýuk Melanşonyň çepçi “Täze ekologiýa we sosial halk bileleşigi” 31,6% sese eýe boldy. Fransiýanyň Milli  mejlisine geçirilýän saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin sesleriň ýönekeý köplügi gerek. Ses berişligiň netijelerine görä, fransuz mejlisiniň aşaky palatasynyň 577 wekili bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.

“Bilelikde!” koalisiýasy soňky bäsleşige gatnaşýar. Oňa Makron tarapyndan döredilen “Galkynyş” partiýasy, merkezi “Demokratik Hereket” partiýasy we merkezi sagçy “Hereket” we “Gözýetim”  partiýalary girýär. Onuň bäsdeşi, bolsa, “Täze ekologiýa we sosial halk bileleşigi” bolup, Melanşonyň “Ýanbermez Fransiýasyny”, şeýle-de “Sosialistik partiýany”, “Ýewropa-Ekologiýa-Ýaşyllar” we “Kommunistik partiýany” özüne birleşdirýär. Şeýle hem saýlawlara aşa sagçy partiýalar Erik Zemmuryň “Reconquest” we Marin Le Peniň “Milli bileleşigi” hem gatnaşdy. 12-nji iýunda Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi. Saýlawlaryň netijelerine görä “Bilelikde!” koalisiýasy sesleriň 25,71 göterimini, Melanşonyň çepçi “Täze ekologiýa we sosial halk bileleşigi” bolsa, sesleriň 25,61 %-ine eýe boldy.