Italiýanyň ENI nebit-gaz kompaniýasy “Qatar Energy”-niň dünýäniň iň uly tebigy gaz ýatagyndaky suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) önümçiligini artdyrmak boýunça taslamasyna goşuldy. ENI täze guruljak taslamanyň 25 göterimlik paýyna eýe bolar. Bu taslama dünýäniň suwuklandyrylan gazynyň 12,5 göterimini öndürmäge mümkinçilik berer. Şertnamanyň maliýe maglumatlara barada aýdylmady. “Qatar Energy” kompaniýasynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, bu ýerde – Demirgazyk käninde dünýäniň tebigy gaz gorunyň 10 götermi bar.
Geçen hepde “Qatar Energy” Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen hem ylalaşyk gazanypdy. Taslamanyň çäklerinde suwuklandyrylan gaz 2026-njy ýylda öndürilip başlanar. 2027-nji ýylda bolsa, Katar LNG önümçilik kuwwatyny 60 göterimden gowrak artdyrar.