Ewerest dagyna dyrmaşmak isleýänleriň düşelgeleriniň biri bolan esasy lageriň (Base camp) ýeriniň üýtgediljekdigi mälim edildi. Nepalyň hökümeti Khumbu buzlugynyň ereýändigini göz öňünde tutup, lageri başga ýere göçürmek kararyna geldi. Howanyň global maýylganlygy buz gatlagynyň eremegine hem-de garyň uly böleginiň daga dyrmaşyjylaryň üstüne togalanyp gaýtmak howpuny hem döredýär. Ewereste dyrmaşýanlaryň esasy düşelgesi bolan, 5 müň 364 metr belentlikde ýerleşýän bu lagere her ýylky möwsümde 1 müň 500 töweregi adam düşleýär. Täze teklibi orta atan geňeşiň agzasy Khimlal Guatam metbugata beren beýanatynda bu ýerde düşleýänleriň nahar bişirmeginiň we ýylynmak üçin ýangyç ýakmagynyň buzlugyň eremegine täsiriniň bardygyny belledi. Bu barada berlen beýanatda lageriň täze ýeriniň häzirkiden 200-400 metr aşakda, Khumbu buzlygynyň daşynda boljakdygy mälim edildi. Lageriň ýeriniň üýtgedilmegi bilen bagly ýerli halk bilen hem gepleşikleriň geçiriljekdigi, 2024-nji ýyla çenli göçüljekdigi mälim edildi.
Dünýäniň iň beýik dagy bolan Eweret Nepal bilen Hytaýyň araçäginde ýerleşýär. Dagyň çür depesine iki tarapdan hem baryp bolýar.