Maryda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününde welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň we şahyrlaryň gatnaşmaklarynda iş maslahaty, şygryýet agşamy geçirildi. Ol «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» diýlip atlandyryldy. Medeniýet hepdeligine paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli sebitlerinden döredijilik işgärleriniň köp sanlysy gatnaşýar. Döredijilik işgärleriniň, hususan-da, ajaýyp döwrümiziň waspçylaryna öwrülen şahyrlaryň arasynda diňe bir ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda zähmet çekýän kärdeşlerimiz däl-de, eýsem, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bar.

Şygryýet agşamynda döwrümiziň waspyny ýetirýän goşgular bilen bir hatarda milli şygryýetimiziň murapbag, kytga, akro, gazal, mesnewi ýaly görnüşlerinde ýazylan goşgular hem diňlenildi. Agşamyň halypa we ýaş döredijileriň sazlaşygynda geçirilmegi bolsa onuň ähmiýetini, netijeliligini artdyrdy.