Dünýäniň täsin künjekleriniň biri-de Boliwiýanyň Eduardo-Awaroa milli goraghanasynda ýerleşýän Kolorado köl aýlagydyr. Arassa mawy asmanyň astynda gözüňi gamaşdyrýan gözelliklere baý bolan bu köl edil ertekilerdäki ýaly jadyly täsinliklerden ybaratdyr. Kolorado köli daglyk sebitde deňiz derejesinden 4278 metr beýiklikde ýerleşip, onuň tutýan meýdany 60 inedördül kilometr töweregidir. Bu kölüň iň çuň ýeri 1,5 metrden geçmeýär.

Kolorado kölüniň suwy gyzyl, melewşe, gülgüne, mämişi we gyrmyzy reňklerde üýtgäp durýar. Suwuň şunuň ýaly dürli reňkli bolmagy onuň düzümindäki çökündi mineral jynslaryň, suwotularyň pasyllara görä üýtgemeginiň netijesinde bolup geçýär. Kolorado köl aýlagy 1971-nji ýylda ýazgy edilen suw we batgalyk ýerler baradaky konwensiýanyň düzümine girizilen halkara ähmiýetli tebigy ýer hasaplanýar.

Kolorado kölüniň töwereginde duş gelýän Jeýmsiň gyzylgazynyň uly topary kölüň owadanlygyna owadanlyk goşýar. Bu guşy köp ýyllaryň dowamynda alymlar ýitip giden görnüş hasaplapdyrlar, emma häzirki wagtda bu kölüň töwereginde Jeýmsiň gyzylgazynyň 30 müňe çenlisiniň ýygnanýandygy hasaba alnypdyr. Mundan başga-da bu sebit And we Çili gyzylgazlarynyň ýaşamagy üçin amatly ýerdir.

Köl aýlagynyň içinde kiçeňräk ak reňkli “adajyklar” özboluşly aýratynlyga eýedir. Bu adajyklar tetraborat natriniň dekagidratynyň ýygnanmagy netijesinde emele gelipdir.

Bu kölüň “kolorado” adynyň gelip çykyşy barada anyk maglumatlar berilmeýär. Bu at megerem iňlisçe “color” – “reňk” sözünden gelip çykan bolsa gerek.

Nataliýa BABAÝEWA,Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň kitaphanaçysy.