ABŞ-nyň “Xwing” atly kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän uçarmansyz uçarlary işläp taýýarlaýar. Silikon jülgesinde iş alyp barýan kompaniýa, ilkinji nobatda, gysga aralyga, soňlugy bilen uzak aralyga gatnajak uçarlaryň özbaşdak hereket edip bilmeklerini ýola goýmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň hünärmenleri uçaryň uçuşyny, howada uçuşyny we gonuşyny dolulygyna awtomatlaşdyrmak üçin bar bolan gözegçilik ulgamlary bilen birikdirip bolýan programmany işläp taýýarlady. Hünärmenleri howa gämisi näçe awtomatlaşdyrylsa, şonça-da howpsuz boljakdygyny aýdýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Mark Pýett liftleriň ilkibaşda peýda bolan wagty olary dolandyrýan ýörite işgäriň bardygyny, emma wagtyň geçmegi bilen awtomatlaşdyrylmagy netijesinde howpsuz we islendik adam tarapyndan peýdalanyp bolýan liftleriň peýda bolandygyna ünsi çekip, bu ýagdaýyň awiasiýa üçin hem şeýle boljakdygyny aýdýar.

Jen­net Atd­y­ýe­wa,
Ma­ry şä­he­ri­ndäki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 16-njy orta mek­de­bi­ň mu­gal­ly­my.