27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

San­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­tyn­da we­la­ýat hä­kim­le­ri se­bit­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, orak­dan bo­şan meý­dan­lar­da sü­rüm ge­çir­mek, go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ideg iş­le­ri hem-de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin top­lum­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Prezidentimiz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, gal­la ora­gy­ny ýo­ka­ry hil­li hem-de gys­ga wagt­da ta­mam­la­ma­gyň, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da, bök­denç­siz ge­çir­me­giň, ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne des­sin da­şa­ma­gyň, ola­ry ta­la­ba­la­ýyk sak­la­ma­gyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by­dy­gy­na ün­si çek­di we bu ba­bat­da hä­ki­mlere bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýe­ral­ma­nyň, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da ta­gal­la ed­ýän daý­han­la­ra ze­rur gol­daw­la­ryň be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şol bir wag­tyň özün­de we­la­ýa­tlaryň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da­ky ha­ta­ra­ra be­jer­gi, ösüş su­wu­ny tut­mak, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, şu ýyl gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­mek hem-de ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni üp­jün et­mek, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny bel­le­nen möh­let­ler­de ta­mam­la­mak me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän ag­ro­teh­ni­ki çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­le­te tab­şy­ry­lan bug­daý ha­sy­ly üçin önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär, se­bit­ler­de gal­la ora­gy bi­len bir ha­tar­da, go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry bök­denç­siz iş­le­dil­ýär. Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň şa­ly meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýär. Bal­kan we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da bol­sa gant şu­gun­dy­ry­nyň eki­şi bat­ly dep­gin­de do­wam ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak iş­le­ri­niň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­ny ýo­ka­ry hil­li we gys­ga möh­let­de üs­tün­lik­li ta­mam­la­mak, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­mek me­se­le­le­ri­niň yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Döw­let Baştutanymyz gel­jek­ki bol ha­sy­lyň düý­bü­ni tut­mak, orak­dan bo­şan meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, to­hum­lyk se­riş­de­le­riň hil de­re­je­si­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­mek, şol bir wag­tyň özün­de su­wy re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne hä­zir­ki za­man yl­my we mil­li daý­han­çy­lyk däp­le­ri esa­syn­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Hor­mat­ly Prezidentimiz hä­zir­ki wagt­da ekin­le­ri suw bi­len üp­jün et­me­giň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re ýa­kyn wagt­da Ker­ki şä­he­ri­ne git­me­gi we şol ýer­de he­mi­şe­lik esas­da do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ni gu­ra­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz su­wuň ýag­da­ýy­na gö­rä, mer­ke­ziň göç­me mej­lis­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň ta­la­ba­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­läp, we­la­ýat­la­ryň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Prezidentimiz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk ös­dür­mek, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, su­wa­ryş aka­ba­la­ry­ny, how­dan­la­ry ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni, bu iş­le­ri döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li gul­luk­lar bi­len bi­le­lik­de tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.