Nor­we­gi­ýa dün­ýä­de ilat sa­ny ha­sa­ba al­nan­da iň köp elekt­rou­lag sa­tyl­ýan ýurt ha­sap­lan­ýar. Hat­da bu ýurt­da sa­tyl­ýan elektrou­lag­la­ryň sa­ny ilat sa­ny­ ha­sa­ba alyn­man­da-da dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Ne­bit-gaz ýa­tak­la­ry­na baý bo­lan ýurt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gy sa­tyn alan­la­ra dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ola­ryň ara­syn­da sal­gyt­dan bo­şat­mak, aw­to­du­ral­ga­la­ryň tö­leg­siz bol­ma­gy, elekt­rou­lag­lar üçin aý­ra­tyn ýol ýa­ly dür­li ýe­ňil­lik­ler bar. Em­ma ýurt­da aw­tou­lag­la­ryň sa­ny­nyň köp bol­ma­gy ýolda dyk­ny­şyk­ly­k döremegine ge­ti­rip bil­ýär. Şol se­bäp­li ýur­duň Ga­ra­ýol­la­ry eda­ra­sy elekt­rou­lag­lar üçin be­ril­ýän ýe­ňil­lik­le­ri azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär. Esa­sy mak­sat jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­ny art­dyr­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.
Bu ba­ra­da taý­ýar­la­nan tek­lip­de elektrou­lag­la­ra ýol­lar­da be­ril­ýän ar­tyk­maç­ly­gyň aý­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Äh­li ulag­la­ryň şol bir ýol­da he­re­ket et­me­gi­niň ýol dyk­ny­şy­gy­nyň azal­ma­gy­na ge­tir­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. In­di, elekt­rou­lag­la­ryň aw­to­bus­lar üçin bel­le­nen ýo­ly ulan­ma­gy­na rug­sat be­ril­mez­li­gi tek­lip edil­ýär. Şeý­le hem bu ulag­la­ryň sü­rü­ji­le­ri hä­zir­ki wagt­da kä­bir ýol­lar­dan ýa-da köp­rü­ler­den ge­çen­le­rin­de beý­le­ki ulag­la­ryň sürüjileriniň töleýän pulunyň ýa­ry­syny tö­le­ýär­ler. Bu ýe­ňil­lik 2025-nji ýyl­da ta­mam­la­nar. Em­ma şol wag­ta çen­li adat­da­ky tö­le­giň 50 gö­te­ri­mi­niň däl-de 70 gö­te­ri­mi­niň alyn­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ýurt­da elekt­rou­lag­lar­dan goş­ma­ça gir­de­ji sal­gy­dy hem alyn­ma­ýar. Bu ýag­daý bir ta­rap­dan müş­de­ri­le­re has ar­zan ba­ha­dan elekt­rou­lag al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bol­sa, beý­le­ki ta­rap­dan aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­tu­wy­ny art­dyr­ma­gy üçin hem bäh­bit­li­dir. Nor­we­gi­ýa mun­dan ozal 2023-nji ýyl­dan baş­lap, bu ýe­ňil­li­giň ba­ha­sy 500 müň kron­dan (49 müň ýew­ro) gym­mat elekt­rou­lag­lar­dan aý­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di.