Kabulda Bütinowgan ýaşulular geňeşi açyldy

205

Şu gün Kabulda Bütin owgan ýaşulular geňeşi “Loýa Jirga” öz işine başlady. Bu barada Owganystanyň hökümetiniň baş wekili Zabihulla Mujahid mälim etdi.

Mili döwlet teleýaýlymynyň habaryna görä, Z. Mujahid “Loýa Jirga”-nyň owgan halkyna, şeýle-de Eýranda we Pakistanda ýaşaýan owgan bosgunlarynyň wekillerine maslahata gatnaşmaga rugsat berýändigini aýtdy. Geňeşe daşary ýurtlarda ýaşaýan bosgunlaryna wekilçilik edýän wekiller gatnaşýar.

“Bahtar” habarlar gullugynyň habaryna görä, maslahata ýurduň dürli künjeklerinden 3 müň 500 töweregi dini alymlaryň we ýaşulularyň çagyrylandygyny habar berdi.

Geňeş agzalarynyň 7-12-nji synp aralygyndaky gyzlar üçin mekdepleriň açylmagy, hökümetiň görnüşi, Döwlet baýdagy we gimni ýaly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.