Saýlawlarda 31,6 million ses alyp, ýeňiş gazanan Ferdinand Markos Filippinleriň 17-nji Prezidenti hökmünde kasam kabul edip, resmi taýdan Rodrigo Duterteniň ornuna geçdi. Maniladaky Milli şekillendiriş sungaty muzeýiniň golaýynda bolup geçen dabarlar 30-njy iýunda ýaýlyma berildi.

Kasam kabul ediş dabarasyna 32,2 million ses alan Duterteniň gyzy Sara Duterte hem gatnaşdy. Ol 9-njy iýunda Respublikanyň 15-nji wise-prezidenti hökmünde kasam edip, wezipesine girişdi.

Ada döwletiniň täze ýolbaşçysy, 1965-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli Filippinleri dolandyran Ferdinand Markosyň ogludyr. “Bongbong” lakamly 64 ýaşly Markos 31 milliondan gowrak saýlawçynyň goldawy bilen maý aýynda geçirilen saýlawlarda sesleriň köpüsine eýe boldy.

Syýasy çärä gatnaşan Markos pandemiýadan soň Respublikany tiz dikeltmek we filippinlileriň durmuşyny has-da gowulaşdyrmak baradaky beren wadalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Şeýle hem, hökümetiň çökgünliklere garşy göreşmegiň täze usullaryna ünsi jemlejekdigini we her bir filippinlä kyn günlerde kömek etmek üçin has köp mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy. Saýlawlar 9-njy maýda Filippinlerde geçirildi. Konstitusiýa laýyklykda, prezidentlikden giden 77 ýaşly Duterte gaýtadan saýlanyp bilinmedi.