4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň
(BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen Kabul etdi.
Duşuşykda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda türkmen tarapy Marrakeş ylalaşygynyň XII
maddasyna laýyklykda, BSG agzalygyna girmek üçin resmi taýdan talapnamasyny berdi. Netijelere görä, BSG-niň
Baş geňeşiniň agza-ýurtlarynyň biragyzdan Türkmenistanyň talapnamasy goldanyldy we oňa “goşulýan ýurt”
derejesiniň berilmegi barada çözgüt kabul edildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BSG-niň sekretariatyna
hem-de Türkmenistanyň talapnamasyny goldan agza-ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.
Şeýle hem häzirki zaman dünýäde ykdysadyýetiň ählumumylaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň ösýändigi barada
nygtaldy, hususan-da pandemiýadan soňky ýagdaýlarda Türkmenistanyň öňünde halkara söwda-ykdysady
gatnaşyklar ulgamyna işjeň integrirlenmegi boýunça wezipe goýuldy. Bu maksatlara ýetmek üçin netijeli ýollaryň
biri hökmünde BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bellenildi.
R.Meredow Guramanyň Baş direktorynyň orunbasaryna BSG girmek üçin ýurtda alnyp barylýan taýýarlyk işleri
barada maglumat berdi. Bu işler milli kanun çykaryjy binýadyň, daşary syýasy işleriň we kadalaryň
kämilleşdirimegini hem-de KHBS arkaly ilatyň we işewürler toparlaryň arasynda düşündiriş işleriň geçirilmegini öz
içine alýar.